Amerikan attraksion seýilgählerinde nobatlaryň azaldylmagy we myhmanlaryň wagtyny has ýakymly geçirmekleri üçin emeli aň tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. «Business Insider» neşiriniň maglumatlaryna görä, «Legoland», «SeaWorld» we «Disney» ýaly iri senagat ägirtleri eýýämden «Vision AI-dan» başlap, emosiýaly robotlara çenli onlarça çözgütleri ulanyp başladylar. «Legoland» seýilgähinde «Vision AI» ulgamy ulanylýar: kameralar häzirki wagtda attraksionlardaky adamlary yzarlaýar we myhmanlaryň akymlaryny dogry ugra gönükdirmäge kömek edýär. Bu bolsa adam toplanmasyny azaldyp, seýilgähdäki hereketi tizleşdirýär. «SeaWorld» seýilgähinde bolsa «Expedition Odyssey» atly täsirli attraksion işe girizildi – bu Arktikanyň hakyky düşürilen şekillerini görkezýän uçuş teatrydyr. Aýlanýan diň arkaly bir topar myhman şouwy synlaýan wagty, beýleki topar eýýäm ýerlerini eýeleýär, bu hem wagty tygşytlamaga kömek edýär. Ýene bir mysal – «Legoland» seýilgähindäki «Ferrari Build & Race». Myhmanlar bu ýerde wirtual awtoulaglary döredýärler we olary goşmaça hakykat elementleri bilen baýlaşdyrylan sanly ýolda synag edýärler. «Disney» bolsa bu ugurda «Nvidia» we «Google DeepMind» bilen hyzmatdaşlyk edýär. Olar «Newton» atly fiziki hereketlendirijini işläp düzýärler. Bu hereketlendiriji robotlaryň hereket edip, myhmanlar bilen täsirleşmegine mümkinçilik berýär. «Disney» ozal hem emosional ýüz keşpli we jogap bermäge ukyply hakyky görnüşli «BDX» droidini görkezipdi. Mundan başga-da, emeli aň howpsuzlygy ýokarlandyrmaga hem kömek edýär – ulgamlaryň üsti bilen şübheli hereketleri tanap ýa-da ýitirim bolan çagalary tiz tapyp bolýar. Şeýle attraksionlara çagalar bilen gitmezden ozal, myhmanlara seýilgähleriň ykjam goşundylaryny öňünden ýükläp, «wirtual nobatlara» ýazylmak, şeýle-de işjeň möwsümlerden daşary seneleri saýlamak maslahat berilýär.