Britaniýaly aýdymçy Rik Estliniň 1987-nji ýylda çykaran «Never Gonna Give You Up» aýdymy täzeden meşhurlyk gazandy we Spotify platformasynda 1 milliarddan gowrak gezek diňlenildi. Aýdym internetde dörän gyzyklanmasy sebäpli, ýene-de meşhur boldy. Bu üstünlik aýratyn bellärliklidir, sebäbi bu kompozisiýa Spotify ýaly platformalaryň döredilmezinden onlarça ýyl öň çykarylypdy diýip, «The Hollywood Reporter» ýazýar. «1987-nji ýylda „Never Gonna Give You Up“ aýdymynyň onýyllyklardan soň hem meşhur boljagyny göz öňüme-de getirip bilemokdym. Striming hyzmatlarynyň saýasynda, tutuş täze nesil aýdymlarym bilen tanyşdy. Bir milliard gezek diňlenmek – men muny arzuw hem etmändim ahyryn. Bu aýdymy diňlän her bir adama köp sagbolsun aýdýaryn» — diýip, neşir Estliň sözlerini ýetirýär. Aýdymyň meşhurlygynyň artmagyna 2000-nji ýyllaryň ortalarynda internetde giňden ýaýran we internet ironiýasynyň nyşanyna öwrülen «rikrolling» internet-memi sebäp boldy. Rikrolling (Rickrolling) – bu ulanyjynyň bir mazmuna garaşyp, baglanyşyga basmagy we garaşylmadyk ýagdaýda «Never Gonna Give You Up» klibiniň açylmagy bilen bolup geçýän hileli degişmedir. 2025-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky ýagdaýa görä, YouTube-daky klip 1,6 milliard gezek görüldi. Bu wideo režissýor Saýmon Uest tarapyndan surata düşürildi we 2021-nji ýylyň 28-nji iýulynda 1 milliard gezek görüldi. 1987-nji ýylyň iýulynda çykan aýdym Beýik Britaniýany we ABŞ-ny hem hasaba almak bilen, 25 ýurtda çartlaryň başyna çykypdy. 1988-nji ýylda ol iň gowy singl hökmünde «Brit Award» baýragyna eýe boldy. Ol Rik Estliniň 15 milliondan gowrak nusgada satylan «Whenever You Need Somebody» atly ilkinji albomynyň ilkinji aýdymydyr.