Styropyro lakamy bilen tanalýan amerikaly ýutubçy we himik Dreýk Entoni kuwwaty 250W bolan elde göterilýän lazer enjamyny gurnady we synagdan geçirdi. Enjam adaty lazeriň görkezijisinden 50 müň esse güýçlüdir. Enjamy döretmek üçin ol eBay ýaly onlaýn platformalaryndan satyn alnan köne bölek şaýlary ulandy. Stiropyro, köplenç, taşlanan komponentleri tapyp, olarda synaglarda ulanýandygy bilen tanalýar. Täze dizaýnynda ol kinoproýektorlarda ulanylýan birnäçe güýçli gök lazer diodlaryny birleşdirdi we olardan gaty güýçli şöhläni aldy. Blogçy görkezme wideosynda lazeriň dürli materiallary aňsatlyk bilen ýakýandygyny we hatda göwherde hem yz galdyrýandygyny görkezdi. Mundan başga-da, ösüşiniň ylmy tarapy bilen tanyşdyrdy: şöhläni käbir maddalara gönükdirmek bilen, olaryň sintetiki ýakutlara meňzeş gurluşlara kristallaşmagyny gazandy. Adaty görkezijiniň kuwwaty takmynan 0.005 watt. Styropyronyň ulgamy bu görkezijiden on müňlerçe esse ýokary bolup, alymlaryň laboratoriýalarda materiallary öwrenmek üçin ulanýan senagat lazerleriniň mümkinçiliklerine ýakynlaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir