“Titanik”, “Terminator” we “Awatar” filmleriniň döredijisi Jeýms Kemeron “Şeýtanlar” (“Дьяволы”) atly täze fentezi taslamasynyň edebi esasyny ýazar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi. Film iňlis ýazyjysy Jo Aberkrombiniň adybir romany esasynda dörediler. Kitap şu ýylyň maý aýynda neşir edildi. Sýužetiň merkezinde - Ýewropa hüjüm eden et iýýän elfleriň goşunyny duruzmaga synanyşýan ýekirilenleriň topary durýar. Filme kimiň režissýorlyk etjekdigi entek belli däl. Kemeron “Şeýtanlardan” başga-da, beýleki taslamalaryň üstünde hem işleýär. Dekabr aýynda “Awatar” franşizasynyň üçünji “Ot we kül” (“Огонь и пепел”) atly filminiň premýerasynyň bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem ol Hirosimada we Nagasakide ýadro partlamalary baradaky betbagtçylyk filminiň üstünde işleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir