Samsung 2025-nji ýylyň 31-nji iýulyndan azyndan 24 aýlap girilmedik hasap ýazgylaryny (akkauntlary) pozup başlar. Bu barada ulanyjylara kompaniýanyň metbugat gullugy ýatlatdy. Samsung-yň akkaunty Galaxy enjamlaryndaky firma programmalaryna girmek üçin gerek. Şol sanda Galaxy Store-a, Samsung Health-e we Galaxy Wearables-a girmek üçin zerur. Hasap ýazgysyny Google-yň akkaunty bilen baglanyşdyryp bolar, ýöne ol Samsung akkauntynyň ýerini tutmaýar. Eger ulanyjy soňky iki ýylda iň bolmanda bir gezek hasabyna girmedik bolsa, dikeltmek mümkinçiligi bolmazdan pozular. Işjeňlik hasaba alnan akkauntlar galar. Pozmaklyk Samsung enjamlarynyň hasabyny uzak wagtlap ulanmadyk öňki ulanyjylaryna-da täsir eder. Hasaby ýatda saklamak üçin, 31-nji iýuldan öň kompýuterden ýa-da ykjam programma arkaly oňa girmek ýeterlik. Ulanyjylara e-poçta arkaly habar iberiler. Emma akkaunta baglanan e-poçta salgysy hem ulanylmaýan bolsa, onda habar okalman galyp biler.