2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnama üstünlikli berjaý edildi. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew döwlet Baştutanyna habar berdi. Şeýle hem wise-premýer häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, 4-nji iýunda ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirilip, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragyna başlanyldy. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa orak möwsümine 11-nji iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini aýtdy. Döwlet Baştutany ussat pileçileri bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir