ABŞ-dan 11 ýaşly Kaleb Stýuard resmi taýdan dünýäde iň ýaş ruhlandyryjy spiker boldy. Ginnesiň rekordlar kitabynda habar berlişi ýaly, ol ynanmak barada özüniň ilkinji sözüni Tallahassidäki ALARM halkara buthanasynda 3 ýyl 307 gün ýaşynda aýtdy. Ol ilkinji gezek köpçüligiň öňünde orta mekdepde mugallymlary taýýarlamak boýunça çärede çykyş etdi. Ol stoluň üstünde durup, işgärlere okamagyň we arzuw etmegiň peýdasy barada aýtdy. Bu çykyşyň wideosy giňden ýaýrady. Şondan bäri Kaleb mekdep okuwçylarynyň, dindarlaryň we jemgyýet liderleriniň öňünde yzygiderli çykyş edýär. Ol çagalary okamaga, özüne ynamly bolmaga we maksada ýetmek üçin yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär. Onuň çykyşlarynyň temasy sowatlylygy, maksada okgunlylygy we öz-özüňi kämilleşdirmegi öz içine alýar. “Gowy baş çykarýan zadyňy tap we şonuň üstünde yhlasly işle” – diýip, ol ýaş adamlara maslahat berýär. Kaleb 2 ýaşynda okamagy öwrendi we hakyky kitap muşdagy boldy. Ol 7 ýaşynda häzirki adamlaryň arasynda okamak derejesiniň pesdigini beýan edýän makalany okady. Bu oňa wagtlaýyn täjirçilik däl kitaphanany gurnamaga itergi berdi we onuň üsti bilen çagalara kitaplary hem beýleki okuw materiallaryny berip başlady. Gowy görýän spikeri hökmünde ol öz daýysyny – ýepiskop Elwin Stýuardy, esasy ruhlandyryjysy hökmünde bolsa okuwynda we höweslendiriji çykyşlarynda kömek edýän enesini atlandyrýar. Ol mugallym, spiker, okamak boýunça tälimçi bolmagy we uly stadiona diňleýjileri ýygnamagy arzuw edýändigini aýdýar. Geljekde ol hususy mekdebini açmagy maksat edinýär. Şol bir wagtyň özünde, ol köp deň-duşlary ýaly boş wagtlary beýsbol, wideooýunlary oýnamagy hem-de maşgalasy bilen wagt geçirmegi halaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir