Haj parzyny berjaý etmek üçin daşary ýurtlardan Mekgä gelen zyýaratçylaryň sany 1,5 milliondan geçdi. Bu barada Saud Arabystanynyň Haj we umra ministrliginiň resmi wekili Hassan an-Nuaými habar berdi. “Häzirki günde haj parzyny berjaý edýän 1,5 milliondan gowrak zyýaratçy patyşalyga beýleki ýurtlardan geldi” – diýip, ol metbugat maslahatynda aýtdy. Maslahat Al Ekhbariya döwlet teleýaýlymy tarapyndan ýaýlyma berildi. Şeýle-de, an-Nuaými zyýaratçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ministrligiň 94 müňden gowrak işgäriniň işe çekilendigini aýtdy. Ol ministrligiň beýleki döwlet edaralary we hukuk goraýjy guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Olar gelýän adamlaryň haja gatnaşmak üçin zerur bolan ýörite ygtyýarnamasynyň bardygyny barlaýar. Haj – her ýyl Mekgä zyýarat bolup, ony her bir musulman mümkinçiligi bar ýagdaýynda ömründe, iň bolmanda, bir gezek amal etmelidir. Hajyň geçiriljek senesi yslam Aý senenamasy boýunça kesgitlenýär. 2025-nji ýylda ol 4-nji iýundan 9-njy iýun aralygynda geçýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir