4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip: “Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär” diýip belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýär. Ýurdumyzda kabul edilen ähli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurluşygy netijeli dowam edýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda üç günläp, ýagny 6-njy, 7-nji, 8-nji iýunda Gurban baýramynyň bellenilip geçiljekdigini, bu mukaddes baýramyň gadymdan gelýän medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy özünde jemleýändigini aýtdy. “Gurbanlyk günleri berýän sadakalaryňyz kabul bolsun!” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary, mähriban halkymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir