Stambulda ýolagçy akymy boýunça ikinji orny eýeleýän Sabiha Gýokçen howa menzili bir günde gatnawlaryň rekord sanyna hyzmat etdi. Bu barada howa duralgasynyň administrasiýasy habar berdi. Habara görä, 2025-nji ýylyň 1-nji iýunynda howa menziliniň üsti bilen 784 gatnaw amala aşyryldy – bu onuň taryhynda iň ýokary görkezijidir. Administrasiýa şeýle görkezijä ýetmegiň Türkiýäniň halkara awiasiýasynda barha artýan ähmiýetini tassyklaýandygyny belledi. Sabiha Gýokçen ýurduň iň işjeň howa menzilleriniň arasynda täze Stambul howa menzilinden we Antalýanyň howa menzilinden soň üçünji orny eýeleýär. Howa duralgasynyň iki uçuş-gonuş zolagy bolup, sagatda 80 gatnawa hyzmat edip bilýär.