Gibrid ulgamly täze «Dongfeng-Nissan Z9» çarçuwaly pikap tanyşdyryldy. Bu barada «Autohome» habar berýär. «Z9» modeliniň PHEV wersiýasy 1,5 litrlik benzinli turbohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol generator hökmünde işleýär we iki sany elektromotor bilen bilelikde hereket edýär. Esasy yzdan herekete getirilýän wersiýasy 326 at güýjüni öndürýär we 800 N∙m tork berýär. 17 kWt∙sag sygymly batareýasy diňe elektrik energiýasy bilen 60 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de 435 at güýjüni öndürýän we ýene 800 N∙m tork berýän doly herekete getirijili görnüşi hem hödürlenýär. Onuň batareýasy 32,8 kWt∙sag sygymly bolup, elektrik energiýasy bilen 135 km çenli ýol geçmäge ukyplydyr. Kombinirlenen režimde ýangyjyň sarp edilişi her 100 km-de 1,3 litrden 1,9 litre çenli üýtgeýär. Batareýa doly gutaranda – takmynan, 7 litr/100 km bolýar. Pikap diňe dört gapyly görnüşde hödürlenýär. Ol 800 kg-a çenli ýük daşap, 3,2 tonna çenli tirkeg çekip bilýär. Komplektasiýasy çekilip çykarylýan basgançaklary, daş-töweregi görkezýän kameralary, häzirki zaman howpsuzlyk ulgamyny, elektrikli dolandyryşy, gyzdyryşy, howa çalşygyny we oturgyçlaryň massaž funksiýasyny öz içine alýar. Yzdan herekete getirilýän «Dongfeng-Nissan Z9 PHEV-iň» bahasy – 156 müň 900 ýuan (takmynan, 22 müň dollar). Doly herekete getirilýän wersiýasy – 219 müň 900 ýuan (takmynan, 30,5 müň dollar). Şeýle hem bahasy 120 müň ýuandan (takmynan, 16,5 müň dollardan) başlaýan benzinli we dizel görnüşleri hem elýeterlidir. Ýakyn wagtda bu model halkara bazaryna «Nissan Frontier Pro» ady bilen çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir