Takmynan, mundan 15 müň ýyl ozal Amerikada Megatherium atly ägirt uly leniwesler ýaşap geçipdir. Ululygy Aziýa pilleriniňki ýaly bolan bu süýdemdirijiler agaçlaryň ýapraklary bilen iýmitlenipdir, olary özleriniň çeýe dilleri bilen ýolup alypdyrlar. «Science» žurnalynda çap edilen täze barlagyň netijelerine görä, olaryň ýitip gitmegi howanyň üýtgemegi bilen däl-de, adamlaryň işjeňligi bilen baglanyşykly bolupdyr. Bu barada «Science Alert» ýazýar. Alymlar 403 sany leniwesiň galyndylaryndan alnan DNK-lary seljeripdir. Netijede, olar bu haýwanlaryň soňky 35 million ýylyň dowamyndaky ewolýusiýasyny görkezýän nesil daragtyny düzüpdirler. Şonuň netijesinde-de, leniwesleriň ululygynyň olaryň ýaşaýyş gurşawyna görä üýtgändigi ýüze çykaryldy. Megatherium ozal dünýäde ýaşap geçen 100-den gowrak (häzirki wagtda bary-ýogy alty görnüşi bar) leniwes görnüşiniň biridi. Tebigy taryh muzeýiniň paleontology Reýçel Narduççiniň sözlerine görä, bu gadymy haýwanlar grizli aýylaryna meňzäpdir, ýöne olardan birnäçe esse uly bolupdyr. Thalassocnus ýaly käbir görnüşler bolsa, galyň gapyrgalary we deňiz otlaryny iýmek üçin uzyn tumşuklary bilen suwdaky ýaşaýşa uýgunlaşypdyr. Käbirleriniň derilerinde bolsa, galkana meňzeş osteodermler bolupdyr. Gadymy leniwesler häzirki döwürde ýaşaýan nesilleri ýaly hemişe ýalta we haýal bolmandyr. Olar agaçlaryň şahalary üçin gaty agyr bolansoň, köplenç, ýerde gezipdirler. Olaryň metabolizmi hem çalt bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen, leniwesler agaçda ýaşamaga şeýle bir uýgunlaşypdyr welin, olaryň bedeniniň ýokarky bölegi örän güýçli ösüpdir. Hatda olaryň içegeleri hem başaşak asylyp ýaşamaga şeýle bir uýgunlaşypdyr welin, tezeklemek üçin aşak düşenlerinde indi janlaryny howp astyna salýarlar. Olar aşa haýallapdyr, ýöne bu olaryň diri galmagy üçin zerur bolupdyr. Alymlar leniwesleriň görnüşleriniň köpüsiniň ýok bolmagyny howanyň üýtgemegi bilen däl-de, adamlaryň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Äpetligi olary ýyrtyjy haýwanlardan gorasa-da, leniwesler adamlaryň awlanmagy üçin aňsat nyşana öwrülipdir. Adamlaryň Amerika gelmegi bilen, olaryň sany tiz azalyp başlapdyr. Diňe agaçlara ýuwaşlyk bilen, ses-sedasyz çykyp, adamlaryň baryp bilmejek ýerlerinde bolanlar diri galmagy başarypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir