Ledi Gaganyň 3-nji maýda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäheriniň Kopakabana kenaryndaky mugt konserti resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynda zenan sazandalaryň arasynda iň köp tomaşaçy ýygnan ýekelikdäki çykyş hökmünde ykrar edildi. Çaklamalara görä, amerikaly aýdymçynyň çykyşyna, takmynan, 2,5 million adam gelipdir. Bu Ledi Gaganyň 13 ýyl arakesmeden soň Braziliýadaky ilkinji şüweleňidi. Mundan ozal bu rekord Madonna degişlidi, onuň şol bir kenarda geçirilen 2024-nji ýylyň 4-nji maýyndaky konsertine, takmynan, 1,6 million tomaşaçy ýygnanypdy. Çäreleriň ikisem «Live Nation» kompaniýasy bilen Rio-de-Žaneýronyň syýahatçylyk agentligi tarapyndan gurnalan mugt konsertler tapgyrynyň çäginde geçirildi. Guramaçylar Ledi Gaganyň çykyşynyň ýerli ykdysadyýete 100 million dollardan gowrak girdeji getirmegine garaşýarlar. Aýdymçynyň üstünlikli çykyşyna garamazdan, tomaşaçy sany boýunça absolýut rekord britaniýaly sazanda Rod Stýuarta degişlidir. Onuň 1994-nji ýylda Kopakabana kenarynda beren Täze ýyl konsertine 3,5 million adam gatnaşypdy. Ginnesiň rekordlar kitabynda bellenmegine görä, bu sanyň arasynda diňe feýerwerklere tomaşa etmäge gelenler hem bolup biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir