Kaliforniýanyň tehnologiýa institutynyň (Caltech) hünärmenleri şekilini üýtgedip, ýerde ýöräp bilýän «Aerally Transforming Morphobot» (ATMO) atly uçýan roboty işläp düzdüler. Bu barada New Atlas neşiri ýazýar. Robot uçuş wagty hem transformirlenip bilýär. Bu bolsa oňa gonandan soň derrew hereketini dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Bu çözgüt merkezi şarniri dolandyrýan hereketlendirijiniň kömegi bilen gazanyldy. Dron režimi üçin hereketlendirijiler ýokary galdyrylýar, ýerde hereket etmek üçin bolsa aşak düşürilýär. ATMO uçuş wagty adaty dört hereketlendirijili kwadrokopter ýaly işleýär. Ýerde hereket edýän režimine geçende bolsa, hereketlendirijileriň goraýjy gapaklary tekerlere öwrülýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir