Irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi täze “28 ýyl soň” (28 лет спустя) trilogiýasynyň ähli bölümlerine gatnaşar. Bu barada režissýor Denni Boýla salgylanyp, ING habar berýär. Boýl ssenariçi Aleks Garlend bilen bilelikde howply wirus baradaky filmiň dowamy üçin köpden bäri pikiriniň bardygyny aýtdy. Awtorlar ony öňki filmlere goşmady, ýöne indi ol täze trilogiýa üçin esas bolup hyzmat eder. Režissýor üç bölümiň her biriniň özbaşdak boljakdygyny belledi. Filmleriň sýužeti gönüden-göni baglanyşykly bolmaz, ýöne waka şol bir älemde ýaýbaňlanar. “Her bir waka özüçe tamamlanýan bolsa-da, her birinde indiki filme geçiş bar. Şonuň üçin bu uly ussatlygy talap edýär. Biziň entek üçünji film üçin pulumyz ýok. Onuň ykbaly birinjiniň nähili boljakdygyna bagly. Ýöne eger ähli zat gowy bolsa, bize üçünji üçin rugsat bererler diýip umyt edýärin. Muňa hemmelere garaşýar. Şol sanda Killian” – diýip, Boýl aýtdy. Şeýle-de, režissýor täze trilogiýanyň “28 gün soň” filmi bilen baglanyşykly boljakdygyny, ýöne taslamanyň geriminiň has giňeljekdigini belledi. Birinji filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň 18-nji iýunynda bolar, ikinjisi 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda çykar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir