2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabat şäherindäki Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebinde Türkmenistanyň lukmançylyk mekdepleriniň arasynda bilim bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynyň habar bermegine görä, bäsleşik «Şepagatçylyk işi» hem-de «Anatomiýa we fiziologiýa» dersleri boýunça geçirildi. Ýurdumyzyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň okuwçylary testleri we şekilli ýumuşlary çözmek boýunça ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler. «Şepagatçylyk işi» dersi boýunça geçirilen bäsleşigiň netijesinde I orny Aşgabat şäheriniň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebi eýeledi. «Anatomiýa we fiziologiýa» dersi boýunça bolsa Balkanabat, Mary we Türkmenabat şäherleriniň lukmançylyk orta okuw mekdepleri birinji orny paýlaşdylar. Ýeňijilere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy – diýlip, saýtda bellenilýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir