Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini we welosipedli ýörişleri guradylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. 1-nji iýunda Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy tarapyndan Daşkent şäherinde welosipedli ýöriş geçirildi. Çärä Özbegistanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasynyň başlangyjy bilen Daşkent şäherinde ýerleşýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekillerinden ybarat bolan toparlaryň gatnaşmagynda dostlukly futbol ýaryşy guraldy. 2-nji iýunda Er-Riýadda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy welosipedli ýörişi gurady. Çärä Türkmenistanyň ilçihanasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, Saud Arabystany Patyşalygynda hemişelik ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýetginjekler we çagalar üçin gysga aralykda, beýleki gatnaşyjylar üçin uzak aralykda welosipedli ýörişler geçirildi. 3-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sport çärelerini geçirdi. Sport çärelerine diplomatik wekilhananyň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýäniň habar beriş serişdeleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çäre Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň kenarynda ýerleşýän ýörite welosiped ýodasynyň ugrunda geçirildi. Şol gün Tiblisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň guramagynda welosipedli ýöriş guraldy. Welosipedli ýörişe Gruziýanyň Milli welosport federasiýasynyň wekilleri, Gruziýanyň türgenleri we tälimçileri gatnaşdylar. Ýörişiň ugry Tbilisi şäheriniň köçelerinden, şeýle hem Gruziýanyň gadymy paýtagty Mtsheta şäheriniň merkezinden ybarat boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir