Maý aýynda kakao noýbasy we platina birža harytlarynyň arasynda bahanyň ösüşi boýunça öňdebaryjylar boldy. Bu ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryndan gelip çykýar diýip, RIA Nowosti habar berýär. Şokolad önümçiliginde ulanylýan kakao üçin global baha 11% ýokarlandy. Beýleki oba hojalyk harytlarynyň arasynda apelsin şiresi has gymmatlady – 7,9%. Şeýle-de, tüwiniň we süläniň bahalary ýokarlandy – ikisi-de 2,9%. Gözegçilik edilýän aktiwleriň arasynda platina ösüş depgini boýunça ikinji orny eýeledi we iň güýçli gymmatlan metal boldy – 9,2%. Şeýle-de, galaýynyň bahasy 5,2% hem-de misiň bahasy 3,1% ýokarlandy. Altynyň bahasynyň ösüşi haýallap, 2,9% boldy. Energetika pudagynda kömür 8,2% ösüş görkezdi. Ýewropada tebigy gaz baha taýdan 5,5%, uran 5,4% gymmatlady. Maý aýynda has arzanlan önüm kofe boldy. Robusta üçin baha 13,2%, arabika üçin 11% arzanlandy. Litiý öz bahasynyň 9,2%-ini ýitirdi.