Netflix akym hyzmaty Ben Afflek bilen Mett Deýmonyň gatnaşmagynda “RIP” jenaýat trilleriniň çykjak senesini yglan etdi. Onuň premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda bolar diýip, Deadline habar berýär. Filmiň sýužeti ogry-jümrüleriň mesgeninde millionlarça dollar tapýan Maýamiden polisiýa işgärleriniň topary barada gürrüň berýär. Goşmaça kömege garaşmazdan, olar puly özüne almak kararyna gelýär, bu hem toparyň içinde ynamyň ýitmegine getirýär. Film 70-nji ýyllaryň jenaýat trillerlerinden ylham aldy. Önümçilik bilen Afflek we Deýmon tarapyndan döredilen Artists Equity kompaniýasy meşgullanýar. Režissýor we ssenariçi bolup Jo Karnahan çykyş etdi. Kaliforniýada geçirilen Netflix Tudum 2025 çäresinde aktýorlar filmden ilkinji kadrlary görkezdi. Afflek “RIP-i” “Tutluşyk”, “Türgenleşik güni” filmleriniň we “Narko” serialynyň garyndysy hökmünde häsiýetlendirdi. “RIP” Afflek bilen Deýmonyň onunjy bilelikdäki taslamasy bolar. Olaryň hyzmatdaşlygy “Akylly Uill Hanting” filminden (Умница Уилл Хантинг, 1997) başlady, bu filmde olar diňe bir baş keşpleri ýerine ýetirmän, eýsem ssenariniň awtorlary bolup çykyş etdi. Bu işi üçin olar “Iň gowy original ssenariý” nominasiýasynda “Oskar” baýragyny aldy. Şondan bäri olar “Dogma” (Догма, 1999), “Soňky duel” (Последняя дуэль, 2021), “Air: Uly böküş” (Air: Большой прыжок, 2023) ýaly filmleriň üstünde işledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir