Londonyň Hanym Týusso muzeýinde büzmeçli hamyryň heýkeli peýda boldy. Bu barada muzeýiň resmi saýtynda habar berilýär. Bu adaty bolmadyk eksponat 5-nji iýunda Beýik Britaniýada bellenilýän Milli büzmeç gününe bagyşlandy. Eksponat Britaniýanyň Greggs tiz tagam ulgamynda satylýan meşhur Sausage Roll tagamynyň göçürme nusgasydyr. Heýkel Birleşen Patyşalygyň medeni mirasyna bagyşlanan zalda, Uilýam Şekspiriň, Dewid Attenboronyň we Stormzy-nyň heýkelleriniň ýanynda ýerleşdirildi. “Indi britan aşhanasynyň altynsow, gatlakly we kitirdeýän nyşany hem ýyldyz statusyny aldy – her ikinji britaniýaly diýen ýaly (46%) Greggs-iň büzmeçli hamyryny hakyky britan nyşany hasaplaýar” – diýlip, muzeýde bellenildi. Heýkel gips guýmak usuly bilen elde döredildi. Ony taýýarlamak üçin hünärmenler gatlak teksturasyny we häsiýetli altynsow gatlagy takyk gaýtalamak üçin Greggs-iň onlarça hakyky büzmeçlerini öwrendi. Ol gök mahmal ýassykda oturdylyp, münberde goýuldy we ýadygärlik tagtajygy bilen üpjün edildi. Bu Týusso muzeýiniň ekspozisiýasyna aşhana tagamynyň goşulýan ilkinji ýagdaýydyr. 2024-nji ýylda Wenanyň büzmeç kiosklary ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girdi. Bu däp-dessur öz köküni Awstriýa-Wengriýa imperiýasy döwründen alyp gaýdýar. Şol wagt öňki esgerler özüni eklemek üçin kiçiräk dükanlary açypdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir