Asly Demirgazyk Irlandiýadan bolan Jonatan Anderson Fransiýanyň Dior moda öýüniň täze döredijilik müdiri boldy. Bu barada Financial Times habar berýär. Maglumaty brendiň özi hem sosial ulgamlarda tassyklady. Anderson 40 ýaşynda. Ol täze wezipede tas 10 ýyllap Dior-yň zenanlar hataryna ýolbaşçylyk eden Mariýa Grasiýa Kýurini çalşar. Aprel aýynda Anderson brendiň erkekler kolleksiýasynyň dizaýneri wezipesine bellendi. Indi ol zenanlar hataryna we kutýura hem gözegçilik eder. Jonatan Anderson moda pudagynda ilkinji ädimine 2008-nji ýylda JW Anderson brendini döretmek bilen başlady. 2013-nji ýylda Dior ýaly LVMH holdinginiň düzümine girýän Ispaniýanyň Loewe moda öýüniň döredijilik müdiri boldy. Bu moda öýüni 2025-nji ýylyň başynda terk etdi. Andersonyň Dior üçin ilkinji kolleksiýasy 27-nji iýunda Parižde görkeziler. Moda öýlerinde işlemekden başga-da, Anderson birnäçe uly taslamalara gatnaşdy. 2023-nji ýylda Superboul üçin Riannanyň eşigini taýýarlady, şeýle-de režissýor Luka Guadaninonyň filmi üçin obrazlary döretdi. Şol ýyl ol “Ýylyň halkara dizaýneri” kategoriýasynda CFDA Fashion Awards baýragyny aldy hem-de Britaniýanyň “Moda baýragyna-da” mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir