BMW elektrikli gran-kupäniň iň güýçli wersiýasy bolan i4 M60 modelini hödürledi. Täze model Maserati-niň we Ferrari-niň ýaryş awtoulaglaryndan ylham alnan ýagty Rosso Corsa reňkinde tanyşdyryldy. Täze model öňki i4 M50-niň ornuna geldi we birnäçe möhüm täzelikler bilen çykdy. Indi elektrohereketlendirijileri 593 at güýjüni öndürýär, bu bolsa öňki modelden 56 at güýji köpdür. 100 km/sag tizlige 3,7 sekunda çykýar, ýagny «iX M70-den» çalt we «i7 M70» bilen deň derejede. Suratdaky awtoulag «M Carbon» karbonly paket we goşmaça mümkinçilik hökmünde hödürlenýän 20 dýuýmlyk iki reňkli tekerler bilen enjamlaşdyrylan. Rosso Corsa Uni (kody P7K) öwüşgüni tötänden saýlanmady – bu reňk 1920-nji ýyllaryň italýan ýaryş taryhyna salgylanýar we BMW üçin adaty reňkleriň arasynda täze modeli öňe çykarýar. i4 M50 modeli «BMW M» bölüminiň yzygider üç ýyl iň köp satylan awtoulagy bolupdy. Habarlara görä, onuň täze görnüşi 2028-nji ýyla çenli öndüriler. i4 M60 modeliniň bazara haçan çykaryljakdygy resmi taýdan mälim edilmedi. Emma bu modeliň 2026-njy ýylyň modeller hataryna girizilmegine we öňümizdäki aýlarda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir