UEFA soňky bäş möwsümiň netijeleri boýunça täzelenen klub koeffisentleriniň reýtingini çap etdi. 2025/26 möwsüm başlamazyndan ozal bu sanawyň birinji basgançagynda Madridiň "Real" topary ýerleşýär. UEFA-nyň koeffisentleri klublaryň soňky bäş ýylda Ýewropa kuboklarynda gazanan üstünliklerini görkezýär. Bu görkeziji Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň bije çekilişinde sebetleriň düzülmegine, şeýle-de klubuň ýaryşa haýsy tapgyrdan başlajakdygyna täsir edýär. Koeffisent näçe ýokary bolsa, ýeňil garşydaşlar bilen duşuşmak mümkinçiligi şonça ýokary bolýar. Mundan başga-da, ýokary reýting klubuň baýrak pullaryndan, teleýaýlym hukuklaryndan we hemaýatkärlik şertnamalaryndan alýan girdejisini hem artdyrýar. UEFA-nyň koeffisenti boýunça ilkinji 25 klubuň sanawy: Real (Ispaniýa) – 143,5 Mançester Siti (Angliýa) – 137,75 Bawariýa (Germaniýa) – 135,25 Liwerpul (Angliýa) – 125,5 PSŽ (Fransiýa) – 118,5 Inter (Italiýa) – 116,25 Çelsi (Angliýa) – 109 Borussiýa Dortmund (Germaniýa) – 106,75 Roma (Italiýa) – 104,5 Barselona (Ispaniýa) – 103,25 Mançester Ýunaýted (Angliýa) – 102,5 Arsenal (Angliýa) – 98 Baýer (Germaniýa) – 95,25 Atletiko (Ispaniýa) – 93,5 Benfika (Portugaliýa) – 87,75 Atalanta (Italiýa) – 82 Willarreal (Ispaniýa) – 82 Portu (Portugaliýa) – 79,75 Milan (Italiýa) – 78 Leýpsig (Germaniýa) – 78 Lasio (Italiýa) – 76 Ýuwentus (Italiýa) – 74,25 Aýntraht (Germaniýa) – 74 Brýügge (Belgiýa) – 71,75 Reýnjers (Şotlandiýa) – 71,25

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir