Netflix akym hyzmaty režissýor Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň ilkinji tizerini hödürledi. Film noýabr aýynda çykar. “Frankenşteýn” tejribeleriň üsti bilen ähli adamlar üçin howp salýan hakyky nägehany döredýän doktor Wiktor Frankenşteýn barada gürrüň berýär. Del Toro Meri Şelliniň “Frankenşteýn ýa-da Häzirki Prometeý” nusgawy romanyny ekranlaşdyrmagy köpden bäri arzuw edipdi, ýöne ony diňe Netflix üçin “Seýrek zatlaryň kabineti” we “Pinokkio” filmlerini çykarandan soň düşürip bildi. Geljekki filmde baş keşpleri Oskar Aýzek (“Lýuin Dewisiň içinde”), Çarlz Dens (“Tagtlaryň oýny”), Kristof Wals (“Biabraý nejisler”), Jeýkob Elordi (“Soltbýorn”) we Mia Got (“Kölegeleriň mesgeni”) ýerine ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir