Ilkinji kompas XII asyrda oýlanyp tapylypdyr. Ony ýewropalylar oýlap tapypdyrlar.Başda kompasyň dili suwly aýnanyň içinde ýerleşdirilipdir. Ol şuwagtky görnüşine XIV asyrda getirilipdir. Fransuz we Ispan alymlarynyňoýlap tapan 4 elli roboty 3 sekuntda bir apelsini ýolmagybaşarýar. Bu robota ýapraklaryň arasyndan bişen miweleri gözläp tapmaga ultra ses iberýän enjam kömek edýär. Koreýanyň meşhur SAMSUNG kompaniýasy suw arkalyişleýän jübi telefonuny döredenligi barada habar berdi. Suwdan özüne gerekli güýji alanyndansoň, ony 10 sagatlap ulanyp bolýar. Bu enjam adaty suw arkalyişleýär. Kompaniýanyň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, suw bilenişleýän şeýle jübi telefonlary 2010-njy ýylda köpçülikleýin öndürilip başlanar. Türkmen gelin- gyzlary fronta kömek diýip uruşýyllarynda 7392 kg altyn-kümüş şaý seplerini goranmak fonda tabşyrypdyrlar. Suw ýer ýüzüniň köp bölegini tutýar. Emma adam we janly- jandarlar üçin gerek bolan süýjisuwuň mukdary örän azdyr. Ýer ýüzüniňsuw gorumyň bary-ýogy 3% süýji suwdyr. Leningradda ösümlik instituty bolup onda belli alym Nikolaý IwanowiçWawilowyň öz wagtynda 118 ýurtdan ýygnap alan däne kolleksiýasy bar eken. Ondadänäniň 100 müňe golaý görnüşi bolup, agramy birnäçe tonnadan geçýär eken. Gabaw döwründeinstitutyň dänäni saklaýan işgärlerinden28 adam açlykdan ölüpdir, emmaşonda-da institute işgärleriniň diri galan azajyk topary däne kolleksiýasyny dyngysyz ýagýan bombadyr snarýadlardan, dürli gemrijilerden, ýangyndan we beýleki dürli howplardan gorap saklamagy başarypdyrlar. Indi kolleksiýanyň ykbaly aşlygyndan yrgyldap ýören şu kiçijik toparyň tutan ýerliligine baglydy. Çöregiňýanynda bolup geljekki hasylyň hatyrasyna ony gorap saklap özem açlykdan ölmek buadamyň çekjek jebri däl. Şeýledebolsa ol bu tükeniksiz jezadan ýeňijilerbolup çykdylar. Hytaýyň paýtagty Pekin şäheriniň ýakynynda, Ýansyzy derýasynyňkenarynda sany onlarça müňe ýetýän türkmen ili ýaşaýar, olar özlerine Salyrlar diýip at berýärler. Bular baryp XI asyrda 24 türkmentaýpasynyň arasynda Salgur, Salyr ýaly at bilen ýatlanýan ulytaýpanyň bir bölegi bolmaly. Bu Salyrlar Samarkant töwereklerindäkimüň bir ata daglaryndan 1370-nji ýyllar çemesinde Hytaýa göçüpdirler. Geňýeri, Türkmenistandaky, Özbegistandaky ildeşlerinden aýrylanlaryndan ençeme asyr geçsede, bu türkmenler özlerine mahsus bolan däp-dessurlaryny, egin-eşigini we dilini unutmandyrlar.

Köneler, Herz tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir