Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Italiýanyň degişli düzümleri bilen arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklary gazandy. Ylalaşyklary özara alyşmak dabarasy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana iş saparynyň çäklerinde geçirildi. Hususan-da: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ortaýer deňzini we Gündogary öwreniş halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) arasynda arheologiýa barlaglary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Turiniň Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda gazuw-agtaryş işleri we arheologiýa barlaglary boýunça merkeziniň (Italiýa) arasynda arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşygy özara alyşmak dabarasy boldy. Bu resminamalar iki ýurduň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi diýip, TDH habar berýär.