1-2-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet sapary meýilleşdirilýär. Sapara görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmek we onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin degişli işler alnyp barlyp, onuň netijesinde saparyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Saparyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrjak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmen-mongol işewürler forumynyň, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni çäräniň, milli amaly-haşam sungatynyň sergisiniň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň 3 duşuşygy guraldy. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Türkmenistan hem-de Mongoliýa halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we beýleki düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýärler. Mongoliýa Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen 16 Kararnamanyň awtordaşlarynyň biri, şol bir wagtda, ýurdumyz hem Mongoliýanyň öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň 5 Kararnamasynyň döredijileriniň biri bolup durýar.