«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasyndaky ýörite döwlet gullukçysy wezipesinden çekilýändigini mälim etdi. Telekeçi administrasiýanyň düzüminde döredilen Hökümet netijeliligi departamentine (DOGE) ýolbaşçylyk edýär. Bu edara hökümetiň çykdajylaryny, şol sanda «netijesiz» döwlet işgärleriniň sanyny azaltmak maksady bilen döredilipdi. «Ýörite döwlet gullukçysy wezipesindäki iş möhletimiň tamamlanmagy bilen baglylykda, serişdeleriň biderek harçlanmagyny azaltmaga mümkinçilik döredendigi üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlygymy bildirýärin» — diýip, Mask 29-njy maý gijesi «X» sosial torunda ýazdy. «CNN-iň» Ak tamdaky çeşmesine salgylanyp ýazmagyna görä, milliarderiň bu wezipedäki iş möhleti 130 gün bilen çäklendirilipdir we bu möhlet 30-njy maýda tamamlanýar. Maskyň sözlerine görä, DOGE missiýasy wagt geçdigiçe has-da güýçlenip, ähli hökümet işlerinde durmuş ýörelgesine öwrüler. «Associated Press» agentliginiň bellemegine görä, başlangyçda Mask bu departamentiň ýolbaşçysy hökmünde hökümetiň çykdajylaryny 2 trillion dollar azaltmagy maksat edinipdi. Soň bu maksadyny 1 trillion dollara çenli düşürdi, iň soňunda bolsa 150 milliard dollara çenli peseltdi. Soň ýene bir trillion dollara çykardy, soň bolsa gaýtadan 150 milliard dollara çenli peseltdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir