“Liwerpulyň” baş tälimçisi Arne Slot Menejerler assosiasiýasy (LMA) tarapyndan ýylyň tälimçisi diýlip ykrar edildi. Ol “Mançester Ýunaýtediň” öňki tälimçisi Aleks Fergýusonyň hormatyna atlandyrylan baýragy aldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy, 27-nji maýda, sişenbe güni JW Marriott Grosvenor House London myhmanhanasynda geçirildi. Bu baýragyň 33-nji ýyllyk gowşurylyşy boldy. Soňky gezek “Liwerpulyň” tälimçisi 2021/2022 möwsüminiň jemi boýunça bu baýraga dalaşgär bolupdy. Şol wagt topar Ýurgen Kloppyň ýolbaşçylygynda 92 utuk gazanyp, ikinji orny eýeledi. Şeýle-de, Klopp “Liwerpul” 2019/2020 möwsüminde Premýer-ligada ýeňiş gazanandan soň baýragyň eýesi boldy. Şeýle baýraklaryň sany boýunça rekord Aleks Fergýusonyň özüne degişlidir – ol ony 11 gezek aldy. 2024/2025 möwsüminde “Liwerpul” Slotuň ýolbaşçylygynda 38 oýunda 84 utuk gazanyp, Angliýanyň çempiony boldy. Topar ikinji orny eýelän “Arsenaldan” 10 utuk öňe geçdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir