Täze Zelandiýanyň Dawn Aerospace kompaniýasy uçarmansyz, gaýtadan ulanylýan Aurora raketoplany üçin sargytlary kabul edip başlady. Apparat kosmosa az mukdardaky ýüki çykarmak üçin niýetlenendir diýip, Space News habar berýär. Adaty çemeleşmeden tapawutlylykda, kompaniýa müşderilere diňe bir uçurmak bilen bagly hyzmatyny teklip etmän, eýsem raketoplanyň özüni hem satyn almak mümkinçiligini hödürleýär. Bu çözgüt öz uçuryş serişdelerini ulanmak isleýän guramalara gönükdirilendir. Aurora 100 kilometr belentlikde ýerleşýän Ýeriň atmosferasy bilen kosmosyň arasyndaky adaty araçäk bolan Karman çyzygynyň aňyrsyna alty kilograma çenli ýüki eltip biler. Raketoplan zerur uçuş synaglarynyň ählisinden geçdi. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Mark 2 modifikasiýasy ilkinji sesden ýyndam uçuşyny üstünlikli tamamlady. Aurora ýylda 100-e çenli uçuşy amala aşyryp biler diýlip garaşylýar. Apparatyň umumy gory - 1000 gezege çenli uçurylyp bilner. Raketoplany 2027-nji ýylda iberip başlamak meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir