Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýer Saidow Yslam dünýäsiniň bilim, ylym we medeniýet guramasynyň (ICESCO) baş direktory Salim bin Muhammad al-Malik bilen duşuşdy. Duşuşyk wagtynda barha ilerleýän hyzmatdaşlygyň geljegine dahylly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Daryo.uz» habar berdi. «2025-nji ýylda Samarkant şäherine yslam dünýäsiniň medeni paýtagty derejesini bermekligi hem goşmak bilen, ICESCO-nyň geljegi uly başlangyçlaryny goldaýarys» diýip, özbek ministri öz sahypasynda ýazdy. Habarda şeýle hem Özbegistanyň Hökümeti bilen Yslam dünýäsiniň bilim, ylym we medeniýet guramasynyň arasynda bielikdäki hereketleriň maksatnamasyna gol çekilendigi aýdylýar.