Netflix “TITAN: OceanGate Disaster” (Titan: OceanGate heläkçiligi) dokumental filminiň treýlerini çykardy. Akym hyzmatynda ilkinji görkeziliş 11-nji iýunda bolar. Film 2023-nji ýylda Atlantik ummanynda bolup geçen betbagtçylygy derňeýär. OceanGate kompaniýasynyň bäş ýolagçyny alyp barýan “Titan” batiskafy “Titanigiň” heläkçilige uçran bolan ýerine tarap ugraýar. Üç kilometrden gowrak çuňlukda enjam tehniki näsazlyk tapyp bozulýar. Bortdakylaryň hemmesi heläk bolýar. Filmde esasy üns OceanGate-iň baş direktory Stokton Raşda jemleýär. Ol batiskafyň döredijilerinden biri bolup, soňky suwa çümüşlik wagtynda hem onuň içinde eken. 2021-nji ýyldan bäri onuň kompaniýasy her ýyl “Titanik” -e missiýalary guraýardy. Şeýle gezelenç üçin petegiň bahasy 250 müň dollar durýardy. Filmde heläkçiligiň ýagdaýlary we treýlerden çen tutsaň, howpsuzlyk duýduryşlaryna ähmiýet bermedik Stokton Raşyň hereketleri öwrenilýär. Awtorlaryň aýdyşyna görä, görkeziljek film "milliarderiň psihikasyna aralaşýar" we onuň “her edip, hesip edip” ummanyň barlaglaryny halk köpçüligine elýeterli etmäge çalyşýandygyny görkezýär. Filmde paş ediji subutnamalar, ses ýazgylary we arhiw suratlary ulanylýar. Filme dokumentalçy Mark Monro režissýorlyk etdi.