52 ýaşly fransiýaly fermer Mişel Dýupon öz melleginden sap altyn böleklerini tapdy. Deslapky hasaplamalara görä, onuň ýerinde, takmynan, 150 tonna altyn bolup biler. "Mirror" neşiriniň habaryna görä, Tapyndynyň bahasy 3 milliard funt sterling (4 milliard dollardan gowrak) diýip hasaplandy diýip, Mirror neşiri ýazýar. Dýupon çeşmejigiň ugry bilen ýöräp barýarka, adaty bolmadyk ýalpyldaýan bölekleri gördi. Tizara ol suwdan soňra altyn bolup çykan birnäçe metal bölegini tutup aldy. Bu açyş eýýäm Fransiýada iň uly açyş diýlip atlandyrylýar. Emma hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, daýhan ýörite rugsat bolmasa, olary gazyp almaklyga girişip bilmez. Gazuw-agtaryş işlerine başlamak üçin ony hökümetiň makullamagy we tehniki hem-de ekologiýa ekspertiza geçirmegi gerek bolar. Dýupontyň sözlerine görä, açyş baradaky habar ýaýrandan soň, onuň fermasynyň golaýyndaky mellek ýerlerini satyn almaga isleg bildiren adamlar tapylyp başlady. Adamlar bu sebitde gymmatly metallaryň has köp bolmagynyň mümkindigine umyt baglaýarlar. Ýerli ýaşaýjylar açyşa dürlüçe garadylar. Käbir adamlar altyn önýän ýeri işläp bejermek ýerli gurşawa zyýan ýetirip biler öýdüp gorkýarlar. Beýleki birleri bolsa, munuň tersine, täze iş orunlaryny döretmek arkaly sebite peýdaly boljakdygyna ynanýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir