Birleşen Arap Emirlikleriniň «Etisalat» kompaniýasynyň müdirliginiň başlygy Hasan Umran Al-Şamisiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýakynda Türkmenistanda boldy. Dünýäniň telearagatnaşyklar bazarynda öňdebaryjy kompaniýa bolan «Etisalatyň» Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenýändigi barada habar berilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde «Etisalatyň» wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda arap işewürleriniň türkmen bazarynda telearagatnaşyk pudagynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirendikleri, şeýle hem bu pudakdaky baý tejribelerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardyklary barada aýdylýar. 1976-njy ýylda düýbi tutulan bu kompaniýa häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň milli internet-prowaýderi bolmak bilen, dünýäniň iň uly mobil kompaniýalarynyň biri hasaplanýar. 2006-njy ýyla çenli «Etisalat» Birleşen Arap Emirliklerinde ýeke-täk telearagatnaşyk we internet-prowaýderi bolup gelipdi. Häzirki wagtda «Etisalat» Ýakyn Gündogar, Aziýa we Afrika döwletleriniň 18-sinde aragatnaşyk hyzmatlaryny alyp barýar. Onuň hyzmatlaryndan 100 milliondan gowrak müşderi peýdalanýar. MTS-den soň... Geçen ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň çäginde MTS-iň hyzmatlarynyň togtadylmagy netijesinde, «Altyn asyr» öýjükli kärhanasy ýurduň çäginde ilata mobil hyzmatyny berýän ýeke-täk kärhana bolup galypdy. MTS-iň işiniň togtadylmagy netijesinde 2 milliondan gowrak abonent mobil hyzmatyndan kesilipdi. Şol sebäpden kuwwaty pes bolan «Altyn asyr» öýjükli kärhana az salymyň içinde munça mukdardaky müşderileri mobil hyzmaty bilen üpjün etmekden juda ejiz geldi. Şu ýylyň 4-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk pudaklaryna garaýan wise-premýer N.Şagulyýewe ýurtda döwlete degişli bolmadyk özbaşdak işleýän öýjükli aragatnaşyk kompaniýalarynyň pesinden üçüsiniň döredilmelidigi barada görkezme beripdi. Şol kompaniýalaryň dünýäniň belli aragatnaşyk kompaniýalary bilen bilelikde döredilmelidigini we onda türkmen kompaniýalarynyň paýynyň 50 göterimden köp bolmalydygy barada Berdimuhamedow tabşyryk beripdi. Berdimuhamedow täze dörediljek öýjükli aragatnaşyk kompaniýalarynyň atlarynyň ählisine milli atlaryň dakylmalydygyny öňe sürmek bilen, mysal hökmünde «Galkynyş» diýen ady getiripdi. Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
«Etisalat» Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar ( Ine sana bally koke )
-
idealman
13 years ago
- acyljakda onda taze operator
-
Auditor
13 years ago
- Mura ömrun uzak bolsun. Giden alkysh alarsyn enshalla shu tema ucin
-
Herz
13 years ago
- Mura sagbolgyn dost hezil edip okadyk, gelse operator bizem hezil edip internet ulanarysmy ha
-
Batyr1986
13 years ago
- bah.acylaybilseydiray
gaty gowy boljak
maglumatyna kop sag bol
-
idealman
13 years ago
- onda musulman kompaniya bolsa gowy ishleship bolarla
-
ependi
13 years ago
- etlisalat hehe kimiň etli salat iýesi gelýä hoho:)))))))))
MELS 13 years ago- Gaty Gowy Habar yazypsyn. Uns berip okadym. Belkide gelsinda sho kompaniya.
Sagja bol. Shular yaly gowja zatlary kopurak yazyp dur.. Sagja bol!