Prezident Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bin Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Garaşsyzlygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Abdulla II bin Al Husseýne tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Iordaniýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi. Iordaniýa Haşimit Patyşalygy 1946-njy ýylyň 25-nji maýynda garaşsyzlygyny yglan etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir