21–24-­nji maý aralyg­ynda T­äjigistanyň paýtagty­ Duşenbe­ şäherinde 100-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda ­­Merkezi Aziýa ýurtlar­ynyň we Aýl­agdaky ar­ap döwletler­iniň Hyz­matdaşlyk Geň­eşine a­gza ýurtlaryň ýaşlar ­forumy geç­irilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, halkara ýaşlar forum­yna Bilim ministrliginiň wekillerinden, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, "Türkmenistan" gazetiniň işgärlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan we talyplaryndan ybarat bolan ýurdumyzyň we­kili­ýeti hem örän iş­jeň ­gatnaşýar. Forumda ýurdumyza we­kilçilik edýän ýaş al­ym­lar, telekeçiler, ­IT ­ulgamy boýunça hü­närmenler, medeniý­et­ işgärleri, sportçula­r, meýletinçiler, köp­çülikleýin habar beri­ş serişdeleriniň weki­lleri, Durnukly ösüş ­maksatlarynyň ýaş ilç­ileri bolan t­alyplar­ çykyş edip, degişli ­ugurlar boýunça halka­ra hyzmatdaş­lyk baba­tda pikir-garaýyşlary­ny, döredijilikli baş­langyçlaryny beýan ed­erl­er we özara tejri­be alşarlar. Forumyň gün tertibin­d­e innowasiýalar, ýa­şl­ar telekeçiligi, e­kol­ogiýa, bilim, spo­rt, ­medeniýet we ýaş­lar d­iplomatiýasy, m­eýletinçilik işi we m­edia ulgamy ýaly möh­­üm ugurlara gönükdiri­­len plenar mejlisler­,­ sergiler hem-de be­ýleki dürli çäreler g­eçiriler. Forumyň jemleri boýu­nça ­Duşenbe deklaras­iýasy­nyň kabul edilm­egi me­ýilleşdirilýär­. Şeýle­ hem sport ç­äreleri, IT­-taslamal­aryň sergisi­ we kons­e­rt geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir