Hytaýda 100 sany uly awtonom Huaneng Ruichi samoswal ulagy işe girizildi. Bular dünýäde emeli aň tehnologiýasyny ulanýan ilkinji açyk görnüşli elektrik awtoulaglarydyr. Olarda sürüjiniň kabinasy asla ýok we 90 metriki tonna çenli ýük daşamaga ukyply. Ilkinji magdan awtonom ýük daşaýyş ulgamy Içki Mongoliýanyň Imin käniniň çäginde ýaýbaňlandyryldy. Taslama China Huaneng Group, Xuzhou Construction Machinery Group, Huawei Technologies we State Grid Smart Internet of Vehicles bilen bilelikde amala aşyryldy. Samoswal ulaglary minus 40 gradusa çenli aşa sowuk şertlerde işlemäge ukyply. Nawigasiýa ulgamyny hem döreden Huawei Technologies awtoulaglarda hemişelik 5G aragatnaşygyna jogapkärdir. Şonuň netijesinde tehnika optimal ugurlary özbaşdak saýlaýar we hereketlerini sinhronlaýar. Kompaniýalar tejribäni ýurduň beýleki sebitlerine ýaýratmagy meýilleşdirýärler. Mundan başga-da, geljekde adamyň az gatyşýan ekologiýa şahtalarynyň işe girizilmegine garaşylýar. Ol ýerdäki prosesleriň köpüsi awtomatiki ýerine ýetiriler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 18 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir