“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) ilkinji dynç günleri 102 mln dollar ýygnady diýip, Variety habar berýär. Bu horror franşizanyň ähli bölümleriniň arasynda iň gowy başlangyçdyr. Öňki rekord 2009-njy ýylda çykan dördünji filme degişlidi – 27 mln dollar. Altynjy bölüm dürli ýurtlaryň prokatynda öňdebaryjy orny eýeledi: film 2-nji maýda çykan “Gök gürrüldedijiler*” filminden we 16-njy maýda prokata başlan The Weeknd-iň “Iň soňky ertir” albomynyň ekranlaşdyrmasyndan öňe geçdi. ABŞ-da “Ahyrky nokat 6” 51 mln dollar, ýurtdan daşary hem şonça gazandy. Filmiň býujeti 50 mln dollar töweregi boldy. Film Warner Bros. studiýasynyň “Maýnkraft kinoda” we “Günäliler” filmlerinden soň yzygider üçünji kassa üstünligi boldy. Mundan öň studiýa Robert Pattinson bilen “Mikki 17”, Robert De Niro bilen “Paýhasly ýigitler” we Ledi Gaga hem Hoakin Feniks bilen “Joker: Iki adamlyk telbelik” filmleriniň şowsuzlygy bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Täze bölümiň sýužeti talyp gyz Stefaniniň töwereginde ýaýbaňlanýar. Ol ölüm zynjyrynyň arasyny üzüp, maşgalasyny halas edip biljek adamy tapmaga çalyşýar. Filmiň režissýory Adam B.Steýn we Zak Lipowski boldy. Tankytçylar we tomaşaçylar filme oňyn syn berdi, bu hem onuň prokatdaky üstünligine täsir etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir