London marafony 2025-nji ýylda Brand Finance kompaniýasy tarapyndan düzülen marafon brendleriniň dünýä reýtinginde birinji orny eýeledi. Ikinji we üçünji orunlarda, degişlilikde, Nýu-Ýork we Pariž marafonlary ýerleşdi. Brand Finance-iň reýtingine görä, London marafonynyň brend “güýji” (BSI) mümkin bolan 100-den 90,1 bal boldy. Hünärmenler bu çäräniň Beýik Britaniýada we onun çäginden daşary ýokary derejede ykrar edilendigini belledi. London ýaryşynyň abraýy we atmosferasy her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden gatnaşyjylary, hemaýatkärleri we tomaşaçylary özüne çekýär. London marafony dünýäniň “meýjorlar” diýlip atlandyrylýan iň uly we ykrar edilen ýedi marafonynyň hataryna girýär. Şeýle-de, bu toparda Nýu-Ýork, Boston, Tokio, Berlin, Sidneý we Çikago marafonlary bar. Nýu-Ýork marafony 89,7 bal aldy. Şeýle-de, ol marafonlaryň arasynda iň gymmat brend boldy ($292 mln). “Meýjorlaryň” hataryna girmeýän Pariž marafony 86,6 bal aldy. Brand Finance-iň maglumatlaryna görä, ýedi “meýjoryň” umumy brend bahasy 937 mln dollara barabar. Hasaplamalar guramaçylaryň girdejilerine: hemaýatkärlik, hasaba alyş töleglerine, grantlara, haýyr-sahawatlara we ygtyýarnama töleglerine esaslanýar. 2024-nji ýylda kabul edýän şäherler üçin dünýäniň iň uly 50 marafonynyň ykdysady täsiri, takmynan, 5,2 mlrd dollar boldy we olardan ýarysy “meýjorlaryň” paýyna düşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir