Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Garwardyň hukuk mekdebiniň kitaphanasynda 80 ýyl saklanan we Azatlyklaryň beýik hartiýasynyň nusgasy hasaplanyp gelen golýazmanyň asyl nusgadygy kesgitlenildi. Bu barada The Guardian neşiri habar berýär. Bu resminama 1946-njy ýylda hukuk mekdebi tarapyndan 27 dollara satyn alnypdyr. Onuň gelip çykyşy näbelli bolmagynda galansoň, nepis göçürme hasaplanypdyr. Golýazmanyň hakykydygyny Londonyň Patyşalyk kollejiniň orta asyr taryhy boýunça professory Dewid Karpenter tassyklady. Ol resminama Garwardyň onlaýn ýygyndysynda duş geldi we ol 1300-nji ýylda korol Eduard I tarapyndan çykarylan ýedi hartiýanyň biridir diýip çaklady. Resminamanyň hakykylygyny barlamak üçin ol Gündogar Angliýa uniwersitetindäki kärdeşi bilen birnäçe synaglary geçirdi. Onuň pikirine görä, bu düzgünnama 1300-nji ýylda Kambriýadaky Applbi şäheriniň öňki mejlis etrabyna berlipdir. Bu göçürme häzirki wagtda dünýäniň iň gymmatly golýazmalarynyň biri diýlip atlandyrylýar. Azatlyklaryň beýik hartiýasy Angliýada 1215-nji ýylda kabul edildi. Ol monarhyň ygtyýaryny çäklendirýärdi we asylzadalaryň we erkin adamlaryň hukuklaryny berkidýärdi. Bu resminama demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösüş taryhynda ilkinji we iň möhüm namalaryň biri hasaplanýar.