Huawei kompaniýasy Watch 5 flagman smart-sagatlaryny hem-de Watch Fit 4 we Watch Fit 4 Pro modellerini hödürledi. Watch 5 sagady 42 we 46 mm korpus diametrleri bilen elýeterlidir. Olaryň ikisi-de eSIM-i goldaýar we sport bilen meşgullanmak, saglyk ýagdaýyňa gözegçilik etmek üçin laýyk gelýär. Gurluş 5 ATM çenli suwdan goraga (50 metre çenli çuňluga çümüp bolýar) we hemra nawigasiýasyna eýe boldy. Esasy wersiýalar 316L poslamaýan polatdan, olaryň yzky gapagy bolsa kompozit materialdan ýasaldy, has gymmat wersiýalaryň yzky gapagy keramikadan, korpus bolsa 42 mm modelde 904L poslamaýan polatdan, 46 mm modelde titan erginden ýasaldy. Sagadyň gapdalyndaky Huawei X-Tap moduly barmagyňy saklamak arkaly pulsy, ganyň düzümindäki kislorod derejesini, stress, emosiýa derejesini, bedeniň temperaturasyny, dem alyş ulgamyny (ölçeg wagty birnäçe gezek üsgürmeli) we ş.m. barlamaga mümkinçilik berýär. 42 mm modeliň ekrany 1,38 dýuýma (466×466) deň, 540 mA/sag sygymly akkumulýator bolsa 3-7 gün işlemegi üpjün edýär. 46 mm wersiýa 1,5 dýuým displeý, 867 mA/sag batareýa (7-11 gün), TruSleep funksiýasy we altimetr bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle-de, Watch Fit 4 we Watch Fit 4 Pro hödürlendi. Olar AMOLED displeýine, suwdan goraga, GPS, NFC, Bluetooth 5.2 goldawlaryna, mikrofona eýe boldy, dinamik we sensorlar toplumy bilen üpjün edildi. Watch Fit 4-üň agramy 27 g, ekrany – 1,83 dýuým bolup, 10 güne çenli işleýär. Titan korpusly we ýakut aýnaly Pro wersiýasy EKG sensory we deri temperaturasynyň datçigi bilen enjamlaşdyryldy. Sagatlar Android 9.0, iOS 13.0 we ondan ýokary ulgamlar bilen gabat gelýär. Watch 5 Ýewropada 449 ýewrodan, Watch Fit 4 169 ýewrodan, Watch Fit 4 Pro 279 dollardan satuwa çykar. Deslapky sargytlar 29-njy maýa çenli açyk.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir