Kann film festiwalynda "Rembo" filmine prikweliň dörediljekdigi yglan edildi. "Jon Rembo" diýlip atlandyrylan täze filmde Wýetnam söweşi wagtynda gahrymanyň başdan geçiren hupbatlary barada gürrüň berler. Taslama öň “Gaýduwsyzlar” (“Неудержимые”) franşizasynyň filmlerini çykaran Millennium Media kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýär. Režissýory “Rembonyň” ruhuna meňzeş “Ölmezek” (2022) fin ekşn-boýewigini surata düşüren Ýalmari Helander bolar, onda altyn gözleýji bir garry ýekelikde bir topar nasist esgerlere garşy durýar. Prikweliň edebi esasyny “Gara Adam” (“Чёрного Адама”) awtorlary Rori Haýns bilen Sohrab Noşirwani ýazýar. Deadline-nyň habar bermegine görä, surata düşürmek işi 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Tailandda başlar. Häzirki wagtda kasting dowam edýär. Sýužetiniň jikme-jiklikleri barada hiç zat aýdylmaýar, ýöne wakanyň Wýetnam urşy wagtynda bolup geçýändigi mälim. Franşizanyň ähli filmlerinde Rembonyň keşbini ýerine ýetiren Silwestr Stallone bu taslama gatnaşmaýar. Deadline-nyň berýän habaryna görä, aktýor filmiň surata düşüriljekdiginden habarly we laýyk keşp tapylsa, prodýuserler onuň hem peýda bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýarlar. “Rembo: Ilkinji gan” filmi 1982-nji ýylda çykdy we Dewid Morrelliň romany esasynda döredildi. Film kassa ýygymynda 800 million dollardan gowrak girdeji gazanan kult franşizasyny döretdi. Asyl nusganyň üstünliginden soň Morell Rembo barada ýene iki sany roman ýazdy.