ABŞ-nyň «Intuitive Machines» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Athena» (Afina) aý moduly 2025-nji ýylyň 6-njy martynda Aýa gonjak bolanda, tehniki näsazlyklar sebäpli, ýykylypdy. Kompaniýanyň baş direktory Stiw Altemus başa barmadyk synanyşygyň sebäplerini düşündirdi. Onuň sözlerine görä, ilkinji mesele – lazerli beýiklik ölçeýjiniň nädogry signallary ugratmagy bilen bagly bolupdyr. Ikinji sebäp – Aýyň Günorta polýusyndaky ýagtylygyň pesligi bolupdyr, bu ýagdaý gonuş ulgamynyň ýer ýüzüni dogry tanamagyna päsgel beripdir. Üçünji faktor bolsa, optiki nawigasiýadaky ýalňyşlyk bolupdyr: «NASA Lunar Reconnaissance Orbiter» tarapyndan 100 km beýiklikden düşürilen suratlar hakyky görnüş bilen gabat gelmändir. Netijede, modul bellenilen gonuş nokadyndan 250 metr çemesi sowlup, kölege düşýän krateriň içinde gapdala agdaryldy. Gün panelleri işlemändi, akkumulýatorlary boşapdy, şeýlelikde, missiýa tamamlanypdy. «Athena» – «Intuitive Machines» kompaniýasynyň ilkinji aý moduly däl. Kompaniýa ozal «Nova-C» platformasynyň binýadyndan döredilen «Odysseus» atly apparaty 2024-nji ýylyň fewralynda «IM-1» kosmos missiýasynyň çäginde Aýa ugradypdy. Şol wagt hem modul Aýyň ýüzüne gaty gonup, soň gapdala ýykylypdy. Bu ýagdaý onuň maksatnamasynyň köp bölegini ýerine ýetirmegine päsgel beripdi. Inženerler şol wagtky ýalňyşlyklaryny seljerip, düzedip, täze modula gadymy grek akyl-paýhas hudaýy Afinanyň adyny berdiler. Emma ýene-de şoňa meňzeş ýagdaý gaýtalandy, «Athena-nyň» gonuşy hem şowsuz boldy. «IM-2» missiýasy 10 günlük ylmy işi göz öňünde tutýardy. Täze modul «TRIDENT» (The Regolith and Ice Drill for Exploring New Terrain) atly buraw enjamy bilen hem-de «MSolo» atly massa-spektrometr bilen enjamlaşdyrylypdy. Bu enjamlar arkaly modul dürli çuňlukdaky toprak nusgalaryny ýygnap, olaryň düzümindäki suw buzlaryny öwrenmelidi. Şeýle hem modulda «Lunar Outpost» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen dört tigirli «MAPP» (Mobile Autonomous Prospecting Platform) atly aý roweri bardy. Bu enjam modulyň gonan ýeriniň töweregini öwrenmelidi. Şeýle-de territoriýany öwrenýän mahaly Aýyň ýüzüni surata düşürip, kartasyny düzmelidi we toprakdan nusgalar ýygnap, seljermelidi. «MAPP» aý roweriniň üstünde bolsa, Massaçusets tehnologiýa instituty (MIT) tarapyndan işlenip düzülen «AstroAnt» atly robotjyk gezmelidi. Göwrümi otlyçöp gutusy ýaly bolan bu kiçijik robot «MAPP-yň» üstünde kontaktsyz temperaturany ölçemelidi. Mundan başga-da, «Athena» Ýaponiýanyň «Dymon» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen «Yaoki» atly 500 gramlyk kiçijik rower bilen «Micro Nova Hopper» atly böküp hereket edýän moduly hem ýany bilen Aýa alyp barypdy. «Micro Nova Hopper» çuňlugy 20 metr bolan golaýdaky krateri öwrenmelidi. Şol krateriň hemişe kölege düşýän düýbünde suw buzlarynyň bolup biljekdigi çaklanylýar. Şol buzlardan suw, kislorod we wodorod alnyp bilner, bu bolsa geljekde Aýda wagtlaýyn ýa-da hemişelik baza döretmek üçin möhüm hasaplanylýar. Enjamlaryň arasyndaky aragatnaşyk bolsa, adaty radioýygylyklaryň deregine 4G öýjükli aragatnaşyk standartyna esaslanýan, «Nokia» tarapyndan işlenip düzülen «LSCS» (Lunar Surface Communication System) arkaly üpjün edilmelidi. Häzirki wagtda kompaniýa üçünji enjamyny taýýarlaýar. Ony 2026-njy ýylda uçurmak meýilleşdirilýär.