Astronomlar onlarça ýyl bäri doňan suwuň diňe bir Gün ulgamynda däl, eýsem onuň daşyndaky ýerlerde hem bolup biljekdigini çaklap gelýärdiler. Indi bolsa «Jeýms Uebb» teleskobynyň kömegi bilen ilkinji gös-göni subutnama alyndy – kristallaşan suw buzy «HD 181327» atly ýyldyzyň daşyndaky galyndy diskinde ýüze çykaryldy. Bu öz görnüşindäki ilkinji açyş boldy. Agzalan disk tozandan we ownuk doňan jisimlerden ybarat bolup, Günden birneme agyr we has gyzgyn hasaplanýan ýyldyzyň daşyndan aýlanýar. «HD 181327» atly ýyldyz, takmynan, 23 million ýyl ýaşyndadyr. «Uebb“ diňe bir suw buzuny däl, eýsem Saturnyň halkalarynda we Gün ulgamymyzyň Koýper guşagyndaky doňan jisimlerde-de duş gelýän kristallaşan suw buzuny ýüze çykardy» — diýip, täze makalanyň awtorlaryndan, Baltimordaky Jons Hopkins uniwersitetiniň işgäri Çen Se aýtdy. Bu pikiri gözlegiň awtordaşy Kristin Çen hem tassyklaýar. «25 ýyl mundan ozal aspirant wagtym, ylmy ýolbaşçym maňa galyndy disklerinde buzuň bolmalydygyny aýdypdy, ýöne Uebbe çenli beýle synaglary geçirmäge ýeterlik gurallarymyz ýokdy» — diýip, ol gürrüň berdi. Buzuň iň köp mukdary ýyldyzdan uzakda, diskiň has sowuk böleginde ýüze çykaryldy. Tersine, ýyldyza golaý ýerlerde bolsa, buz ýok diýen ýalydy. Bu ýagdaý ultramelewşe şöhlelenmäniň täsirinde buzlaryň bugarmagy bilen baglanyşykly bolup biler. Şeýle-de, ähtimal, buz teleskoba görünmeýän gaýaly jisimleriň içinde hem gizlenip biler. Suw buzlary ýaş ýyldyzlaryň daşyndaky disklerde örän möhüm komponent bolup durýar. Ägirt uly planetalaryň emele gelmegine täsir edýärler, şeýle-de olar kometa we asteroid ýaly jisimler arkaly doly emele gelen planetalara hem daşalyp bilner. Bu açyş alymlara şeýle prosesleriň beýleki planetar ulgamlarda nähili geçýändigini öwrenmäge mümkinçilik berýär. «Suw buzlary planetalaryň emele gelmegine goşant goşýar. Buzly materiallar, ahyrynda, şuňa meňzeş ulgamlarda birnäçe ýüz million ýylyň dowamynda emele gelýän Ýer görnüşli planetalara „ýetirilibem“ bilinýär» — diýip, Se belleýär. Bu barada geçirilen gözlegiň netijeleri «Nature» žurnalynda çap edildi.