Google kompaniýasy YouTube üçin täze görnüşli mahabat formatyny girizýär diýip, Nýu-Ýorkdaky tanyşdyrylyşa salgylanyp, «TechCrunch» habar berýär. Täze tanyşdyrylan «Peak Points» tehnologiýasy wideolaryň iň gyzykly pursatlaryndan, ýagny tomaşaçylaryň ünsüni iň köp jemlän ýerlerinden soň mahabat görkezer. Şeýle pursatlary anyklamak üçin, Google Gemini emeli aň ulgamy ulanylýar. Bu ulgam wideonyň mazmunyny seljerýär we iň täsirli, gyzykly sahnalary tapýar. Mahabat bolsa şol sahnalaryň yzýanynda peýda bolar. Şeýle çemeleşmäniň ulanyjylary gaharlandyryp biljekdigi düşnüklidir. Şol bir wagtyň özünde, YouTube wideolardaky mahabatlaryň ýerleşişini optimizasiýa edip başlady. 12-nji maýdan bäri, mahabatlar sahnanyň çalyşýan ýerlerinde ýa-da gepleşikleriň arasyndaky dymyşlyklarda ýerleşdirilýär. Munuň maksady bolsa, tomaşaçynyň ünsüniň sowulmagynyň öňüni almakdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir