London uniwersitet kollejiniň we Frensis Krik institutynyň barlagçylary janly syçan düwünçeginde ýüregiň emele gelşiniň ilkinji 3D wideosyny aldylar. Bu barada MedicalXpress neşiri habar berdi. Ýüregiň öýjükleri bolan kardiomiositler fluoresent markerleri bilen bellik edildi we dürli reňklerde yşyklandyryldy. Bu olara ýürek gulajygynyň we garynjygynyň nädip hereket edýändigine, bölünişine we emele gelşine syn etmäge mümkinçilik berdi. Bu proses öňdebaryjy tekizligi yşyklandyryş mikroskopiýasynyň her iki minutdan 40 sagadyň dowamynda surata düşürmegi arkaly dowam etdi. Bu usul düwünçejige zyýan bermezden, takyk 3D şekilleri döretdi. “Biz süýdemdirijileriň düwünçejik ösüşinde ýürek öýjükleriniň özüni alyp barşyny şeýle ýakyndan we uzak wagtlap synlamagy başardyk. Ýüze çykaran zatlarymyz düýbünden garaşylmadyk zatlar boldy" - diýip, biolog we barlagyň esasy awtory Kenzo Iwanowiç gürrüň berdi. Kardiomiositleriň gastrulýasiýanyň irki döwründe - öýjükleriň esasy organlary emele getirip başlaýan döwründe ýüze çykandygy mälim boldy. Adamlarda bu göwreliligiň ikinji hepdesinde bolup geçýär. Syçanlarda bolsa düwünçejik ösüşiň altynjy güni amala aşýar. Şonda öýjükleriň hereketi bitertip däl, olar ýüregiň özenini emele getirýän anyk ugurlara gönükýärler. The EMBO Journal žurnalynda çap edilen bu barlag dogabitdi ýürek näsazlyklaryny öwrenmekdäki usulymyzy üýtgedip biler. Şeýle hem, regeneratiw lukmançylyk üçin laboratoriýa şertlerinde ýürek dokumalaryny ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýalaryny kämilleşdirmäge kömek eder.