Nusgawy saz ünsüňi jemlemäge we işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Bu barada New York Post neşirine neýrobiolog we “Beýnä bähbitli iş ýeri: näme üçin zehinli adamlar işden çykyp gidýärler” kitabynyň awtory Friderike Fabrisius gürrüň berdi. Hünärmeniň sözlerine görä, kyn wezipäni çözmäge girişmezden ozal her gezek şol bir sazy diňlemek peýdalydyr. Bu adat bolup galýar we güýjüňi herekete getirmäge kömek edýär. Psihologiýa boýunça professor Erin Hennon, ünsüňi jemlemäge kömek edýän zadyň diňe bir nusgawy saz däldigini düşündirdi. Onuň sözlerine görä, haýal ýa-da orta depginli, öňünden aňyp bolýan ritmli we belent äheňli, şeýle hem, galmagalynyň we dissonansynyň derejesi aňrybaş pes bolan kompozisiýalary saýlamak has gowy. Ol sazda näçe bulam-bujarlyk az bolsa, şonça-da ünsi jemlemegiň ýeňil düşýändigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, laýyk gelýän kompozisiýalar her bir adam üçin dürlüçe bolup biler. Hemmäniň ünsüni jemlemäge deňine laýyk geljek saz žanry ýok" -diýip, Hennon sözüniň üstüne goşdy. CSU Global-yň OnePoll kompaniýasy tarapyndan geçirilen pikirsoraşmalaryň netijesine görä, okaýarkaň saz diňlemek bilen ýetişigiň görkezijileriniň arasynda baglanyşyk bar. Sapak wagtynda saz diňleýän adamlaryň ortaça baly köplenç 3,2-den ýokary bolýar.