Netflix Gears of War wideo oýny esasynda doly göwrümli film çykarmagy meýilleşdirýär. Akym hyzmaty filmi surata düşürmek üçin “Kaskadýorlar”, “Gülleden ýyndam” (“Быстрее пули”) we “Dedpul 2” filmleriniň režissýory Dewid Leýtç bilen gepleşikleri geçirýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Edebi esasyny öň Deni Wilnýow bilen “Dýunanyň” ekranlaşdyrylyşynyň üstünde işlän Jon Speýts ýazar. Leýtç bu taslamany aýaly we hyzmatdaşy Kelli Makkormik bilen birlikde özüniň 87North kompaniýasynyň üsti bilen amala aşyrar. Şeýle hem filmiň önümçiligine oýnuň döredijisi bolan The Coalition studiýasy goşular. Netflix entek şertnamanyň nähili baglaşyljakdygy barada teswir bermedi. Gears of War - bu üçünji şahsyň adyndan çykyş edýän şuteriň seriýasy we Xbox-daky iň uly oýun franşizalarynyň biridir. Oýnuň sýužeti Sera planetasynda ýaýbaňlanýar, bu ýerde adamlar Çekirtge diýlip atlandyrylýan ýerasty süýrenijileriň topary bilen söweşýär. Baş gahrymanlar - seržant Markus Feniksiň ýolbaşçylygyndaky “Delta toparyň” söweşijileri. Netflix filmi surata düşürmek hukugyny 2022-nji ýylyň noýabr aýynda aldy. Kompaniýa ilki doly göwrümli filmi, soň bolsa uly ýaşly tomaşaçylar üçin animasiýa serialyny çykarmagy meýilleşdirýär. Üstünlikli bolan ýagdaýynda, oýnuň äleminde täze taslamalaryň döremegi mümkin.