Günbatar metbugaty aýdymçy The Weeknd-iň baş keşbi ýerine ýetirmegindäki “Iň soňky ertir” (Последнее завтра) filmini tankytlady. Trilleriň režissýory indi-kinematografiýaçy Treý Edward Şuls boldy. Ol “Tolkunlar” (Волны) dramasy we “Ol gije gelýär” (Оно приходит ночью) horrory bilen bellidir. Häzirki wagtda “Iň soňky ertir” filminiň reýtingi Rotten Tomatoes saýtynda bary-ýogy 16%-e deň. Tankytçylar öz synlarynda filmiň doly derejeli däldigini we onuň aýdymçynyň adybir aýdymynyň prologyna meňzeýändigini belledi. Käbirleri filmde “narsissizm”, ýagny “özüňi aşa öwmek alamatlaryna” ünsi çekdi we munuň oňa doly derejeli çeper eser bolmaga päsgel berýändigini belledi. Jenna Ortega bilen Barri Keoganyň tagallalaryna garamazdan, synçylar “Iň soňky ertir” filminiň kino tarapdan hemmetaraplaýyn şowsuzdygyny we onuň, esasan, aýdym-saz klibine meňzeşdigini nygtaýar. Belläp geçsek, ilkinji dynç günleri film ABŞ-da prokatda bary-ýogy 3,3 mln dollar ýygnady. Taslamanyň býujeti 15 mln dollar töweregi boldy.