Tom Kruz bilen Ana de Armas “Geljegiň çägi” filminiň režissýory Dag Laýmanyň täze filminiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Olar baş keşpleri ýerine ýetirmäge taýýarlanyp başlady we häzir film üçin zerur boljak daýwing okuw-türgenleşigini geçýär. Fantastik triller “Deeper” (“Çuň”) adyny aldy. Sýužet boýunça baş gahryman hökmünde akwalangist çykyş eder. Onuň wezipesi örän çuň oýa düşmek bolar we ol bu ýerde adatdan daşary zatlar bilen ýüzbe-ýüz bolar. Ssenarini Kruzyň “Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasy boýunça kärdeşi Kristofer Makkuori ýazdy. Filmiň býujeti, takmynan, 200 mln dollar bolar. Häzirki wagtda filmiň distribýutory ýok. Film 2016-njy ýyldan bäri önümçilikde bolup, onda ilkibaşda Bredli Kuper oýnamalydy.